Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

ABŞ-nyň ae­ro­naw­ti­ka we kos­mos gi­ňiş­li­gi­niň bar­lag­la­ry bo­ýun­ça mil­li mü­dir­li­gi (NA­SA) ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne we te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ra gö­zeg­çi­lik et­mek üçin tä­ze Ýer ul­ga­my­ny dö­red­ýär. Bu ba­ra­da NA­SA-nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di.
Te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni azalt­mak, to­kaý ýan­gy­ny bi­len gö­reş, oba ho­ja­ly­gy­ny ka­da­laş­dyr­mak we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ta­gal­la­lar­da mö­hüm mag­lu­mat­la­ry ber­mek üçin bir­nä­çe mak­sat­na­ma iş­le­nip dü­zü­ler. Ob­ser­wa­to­ri­ýa­nyň çäk­le­rin­dä­ki Ýer ul­ga­myn­da her bir eme­li hem­ra öz­bo­luş­ly bo­lup, Ýe­riň üç öl­çeg­li şe­ki­li­ni dö­ret­mek­de beý­le­ki­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­mek üçin öz­bo­luş­ly bo­lar.
– Glo­bal ýy­ly­lyk pro­se­si se­bäp­li tu­pan­lar has güýç­li bol­dy. Soň­ky üç on­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da öw­re­nen zat­la­ry­my­zyň kö­pü­si NA­SA-nyň bar­lag­la­ryn­dan ge­lip çyk­dy. Tä­ze ob­ser­wa­to­ri­ýa bu işi gi­ňel­der, ho­wa ul­ga­my ba­ra­da gör­lüp-eşi­dil­me­dik dü­şün­je be­rer, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ni azalt­mak üçin mag­lu­mat­la­ryň tä­ze nes­li­ni üp­jün eder we jem­gy­ýet­le­ri­mi­zi te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­lar­dan go­rar – di­ýip, NA­SA-nyň baş­ly­gy Bill Nel­son aýt­dy.

NA­SA-nyň býu­je­ti art­dy­ry­lar
ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­de­niň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy Kong­res­den 2022-nji ýyl­da NA­SA-nyň mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga 24,8 mil­liard dol­lar so­ra­dy, bu bol­sa bir ýyl ozal­ky­dan 6,6% köp­dür. Bu ba­ra­da agent­li­giň baş­ly­gy Bill Nel­son met­bu­gat ýyg­na­gyn­da mä­lim et­di. NA­SA-nyň baş­ly­gy­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, Pre­zi­den­tiň tek­lip eden býu­je­ti agent­li­gi has-da ös­dü­rer.
Bill Nel­son Ýe­riň göz­leg mak­sat­na­ma­la­ry­na hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Mu­nuň üçin býu­jet­den 2,25 mil­liard dol­lar so­rap ýüz tu­tul­dy. 2021-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da Ýer bar­lag­la­ry üçin 2 mil­liard dol­lar bö­lü­nip be­ril­me­gi so­ral­dy. 2022-nji ýyl­da Hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­sy­nyň işi­ne gol­daw ber­mek üçin 2022-nji ýyl­da 1,3 mil­liard dol­lar, uzak kos­mos bar­lag­la­ry üçin bol­sa 6,8 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de býu­jet­den se­riş­de bö­lü­nip be­ril­me­gi so­ral­dy. 1-nji okt­ýabr­dan baş­la­jak in­di­ki ma­li­ýe ýy­ly üçin býu­jet tas­la­ma­sy Kong­re­se hö­dür­len­ýär. Kong­res ta­ra­pyn­dan ga­ra­lyp, dü­ze­diş­ler gi­ri­zi­lip, tas­syk­la­nan­dan soň Pre­zi­dent gol çek­me­li.