Rus alym­la­ry Si­bir­de do­ňan top­ra­gyň as­tyn­da 24 müň ýyl­lyk köp öý­jük­li or­ga­nizm tap­dy­lar. Mik­ros­ko­bik jan­dar müň­ler­çe ýyl­lap ýa­şaý­şy­ny do­wam et­di­rip­dir. Pu­şins­kiý te­bi­gy-yl­my döw­let ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň alan nus­ga­ly­gyn­dan çy­kan or­ga­niz­miň «Bdel­lo­id ro­ti­fer» at­ly mik­ros­ko­bik jan­dar­dy­gy mä­lim edil­di. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da onuň ýa­şy­nyň 24 müň ýyl­dy­gy anyk­lan­dy. Yl­my to­pa­ryň ag­za­sy Stas Ma­la­win bu işiň köp öý­jük­li jan­dar­la­ryň müň­ler­çe ýyl ýa­şap bil­jek­di­gi­ni su­but ed­ýän de­lil­di­gi­ni bel­le­di. Alym­lar kä­bir ýö­ne­keý gur­çuk we ösüm­lik gör­nüş­le­ri­niň buz gat­lak­la­ry­nyň ara­syn­da ýüz­ler­çe ýyl ýa­şaý­şy­ny do­wam et­di­ren­di­gi­ni ýü­ze çy­ka­ryp­dy­lar. Kä­bir ýö­ne­keý or­ga­nizm­ler aşa ys­sy ýa-da aşa so­wuk möw­süm­de me­ta­bo­lizm­le­ri­ni pe­sel­dip, uzak wagt ýa­şap bil­ýär­ler.
Altynaý GURBANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.