Çempionatyň 2-nji gününde Kopengagende Daniýa bilen Finlýandiýanyň arasyndaky duşuşykda pajygaly gynançly waka bolupdy. Oýnuň birinji ýarymynyň tamamlanmagyna az wagt galanda, Daniýanyň ýyldyz oýunçysy Kristian Eriksen ýüreginiň durmagynyň netijesinden meýdançanyň bir kenarynda ýere ýykylyp galdy. Dessine lukman kömegini, ýürege tokly massaž edilen oýunçynyň özüne gelmeginden, has takygy, ýüreginiň işläp başlamagyndan soň ony keselhana alyp gitdiler. Şol pursatda “Gettyimages”-iň foto suratçysynyň çeken suraty oýunçynyň hereket edýändigini bütin janköýerlere äşgär edipdi. Resmi habarlara görä, häzirki wagtda oýunçynyň ýagdaýy erbet däl, özüni duýýar, gepleşip bolýar. Lukmanlaryň gözegçiligi astynda bejergi alýar.

“Mundan soň futbol oýnamaz”

Lukmanlaryň bellemegine görä, Eriksen mundan soň futbol oýnamaz. Hiç bir lukman onuň futbol oýnamagyna ygtyýar bermez diýip belleýärler. Bu barada onuň “Tottenhamdaky” lukmany Sanjaý Şarma belläp geçýär. Ol gynansagam mundan soň meýdança dolanmazmyka diýýärin. Şol ýerde nämedir bir zatlarda ýalňyşlyk boldy. Ýöne ony täzeden durmuşa gaýtarmagy başardylar. Esasy sorag bolsa şu: Näme we näme üçin beýle boldy” diýip gürrüň berdi. Şeýle-de Daniýanyň ýygyndysy bolup geçen bu wakadan soň psihologiki kömek alyp başlady.

Geçen ýylyň tomsunda we bu ýylyň martynda, jemi iki gezek kowid 19-a pandemiýasyna uçran Erikseniň bu ýagdaýlar onuň ýüregine zeper ýetirene meňzeýär. Soňky bir ýylda 61 duşuşyk geçiren oýunçynyň bu ýagdaýa ýüreginiň güýjüniň ýetmändigi bellenilýär.

“Hemmelere köp sagbolsun aýdýaryn”

29 ýaşyndaky Eriksen bolsa bolup geçen wakalar bilen baglanyşykly: “Hemmä köp sagbolsun aýdýaryn. Çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Näme bolanyny doly bilemok, ýöne özümi azda-kände gowy duýup başladym. Meniň üçin eden ähli tagallalaryňyz üçin köp sagboluň” diýip, italýanlaryň “La Gazetta dello Sport” neşirine beýanat berdi.

Ýeri gelende aýtsak, Daniýa bilen Finlýandiýanyň arasyndaky oýun şol gije oýnaldy we finler Ýoel Pohýanpalonyň ýeke-täk goly bilen çempionatyň taryhyndaky ilkinji duşuşygynda ilkinji ýeňşini gazandy. Oýunda daniýaly Hýoýberg penalti urgusyny dürs urup bilmedi.