Tehnologiýa babatda täzeçillik diýlende Ýaponiýa hemişe öňdäki orunlary eýeleýär. Ýurtda wodorod ýangyjyndan peýdalanýan ilkinji myhmanhana işe girizildi. “Tokyu Hotels” atly myhmanhanada peýdalanylýan energiýa iýmit galyndylaryndan alynýar. Doly ady “Kawasaki King Skyfront Tokyo Rei Hotel” bolan myhmanhana Tokio şäher merkezinden ulagly 50 minut daşlykda ýerleşýär. Binada peýdalanylýan energiýanyň 30 göterimi wodorod, 70 göterimi azyk galyndylaryndan alynýar. “Toshiba” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan “H2Rex” atly tehnologiýa galyndylardan wodorod ýangyjyny alyp, ondan elektrik energiýasyny we ýylylyk öndürýär. Içinde hemişe wodorod ýangyjy bolan çeşme myhmanhana turbageçiriji arkaly birikdirilipdir.

Şeýle hem bu ýerde topraksyz ösümlik ýetişdirmek usulyndan peýdalanylýar we LED ýagtylyk arkaly gök önümleriň hasyly alynýar. Şeýlelikde öndürilýän energiýa maksimum derejede peýdalanylýar.

Myhmanhanada öndürilýän wodorod ýangyjynyň dört agzasy bolan 82 hojalyga ýetjekdigi mälim edildi.