Meşhur niderland suratkeşi Rembrandtyň “Gijeki nobatçylyk” atly kartinasynyň kesilen ýerini emeli aň tehnologiýasy gaýtadan döretdi. Häzirki wagtda Amsterdamdaky Riýksmuseum muzeýinde görkezilýän kartina şol döwürler binanyň gapsyna sygmanlygy sebäpli dört gapdaly kesilipdir. Beýleki bir suratkeş Gerrit Lundens onuň başga bir nusgasyny çekipdir. Şol nusga seredilip, emeli aň tehnologiýasy suratyň kem ýerlerini tamamlady. Iki ýyllap dowam eden bu işiň çäklerinde skannerlerden, ultrmelewşe şöhlelerden we sanly surat tehnologiýasyndan peýdalanyldy. Hünärmenler suraty ähli jikme-jikligi bilen gaýtadan döredendiklerini belleýär. Suratkeşiň haýsy reňklerden peýdalanandygy, çotgany nähili güýç bilen urandygyna çenli ähli zat öwrenilipdir.