Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda geçirilen gözleglerde guşuň kellesiniň daşa öwrülen galyndysy tapyldy. Bu tapyndy dinozawryň kellesine çalym edýär. Täze açyşyň dinozawrlar bilen guşlaryň arasyndaky baglanyşygy öwrenmäge ýardam etmegine garaşylýar. Tapylan galyndynyň kellesi “Tiranozawra”, bedeni garaguşlara meňzeýär. Bu kiçijik jandaryň kellesiniň ölçegi bary-ýogy 2 sm-e deňdir. Galyndylary gözden geçirýän paleontologlar bu jandaryň millionlarça ýyl ozal ýok bolup giden enantiornitinler atly guş toparyna degişlidigini çaklaýarlar.