Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleriniň oýlap tapan tehnologiýasy smartfon batareýasyna 5 minutda 0-dan 100% zarýad berýär. Işläp düzüjileriň zarýad beriş tehnologiýasynyň bahasy amatlydygyny we howpsuzlyk derejesi ýokarydygyny belleýärler. Bu tehnologiýa zarýad bermek prosesinde gyzmagynyň öňüni almak bilen, batareýanyň has uzak wagtlap ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly,  çalt gyzýan batareýalar çalt tozýar. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda “Xiaomi” 8 minutda 100% zarýad berýän tehnologiýany tanyşdyrypdy.