Bütindünýä banky Hytaýyň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 8,5 göterim ösmegine garaşylýandygyny habar berdi. Pandemiýadan soňra ýurduň ykdysadyýeti çalt depginler bilen dikelýär. Bankyň taýýarlan hasabatynda zawod-fabrikleriniň işjeňliginiň we sarp edijileriň isleginiň pandemiýadan öňki döwürdäki derejä ýetendigi bellenildi. Geljek ýylda bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň 5,4 göterim ösmegine garaşylýar. Bank aprel aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň 8,1 göterim ösjekdigini çaklapdy.

Ýurtda ösüşiň sanjyma baglydygy hem bellenilýär. Häzire çenli Hytaýda 1 milliard 190 müň dozadan gowrak sanjym edilipdir. Tomus paslynyň ahyryna çenli 1,4 milliarddan gowrak ilaty bolan ýurduň ýaşaýjylarynyň 40 göteriminiň iki doza sanjym almagyna garaşylýar. Ýurtda gyssagly ýagdaýda ulanylmagyna rugsat edilen “Sinopharm” we “Sinovac” sanjymlary beýleki “Covid-19” sanjymlary ýaly iki doza görnüşinde we arasyna wagt salnyp urulýar.