Puerto Riko döwletiniň paýtagty San-Huanyň golaýyndaky Karolina diýilýän ýeriň ýaşaýjysy Emilio Flores Markes Ýer şarynyň iň garry erkek kişisi hökmünde Ginnesiň rekordlaryna kitabyna adyny ýazdyrdy. Bu barada Ginnesiň degişli bölümi habar berdi. Emilio Flores Markes 112 ýaş 326 gün bilen rekordyň eýesi boldy. Bu baradaky ýörite sertifikaty hem alan Don Milo lakamly Flores Markes uzak ýaşamagyň syry nämede diýlen sowala ol “merhemetli” bolmak diýip jogap berdi. Flores Markes: “Kakam meni söýgi, mähir-muhabbet, merhemetlilik bilen kemala getirdi. Hemişe hemmäni gowy görmeli, hemmelere ýagşylyk edip, paýlaşyp ýaşaşmaly diýip, ündew berýärdi” diýip, aýtdy. 11 çagaly maşgalanyň ikinji çagasy bolan Flores Markesiň 4 çagasy bar. 2010-njy ýylda onuň 75 ýyllyk ýanýoldaşy Andrea Perez De Flores aradan çykypdy.