Gurjak çaga ýa-da başga şahsa meňzedilip ýasalýan oýunjakdyr. Gurjaklar adamzat siwilizasiýasy döräli bäri daş, palçyk, agaç, süňk, mata, kagyz, farfor, rezin we plastmassa ýaly dürli materiallardan ýasalypdyr. Gadymy döwürde gurjaklar hudaýyň nyşany hökmünde ulanylypdyr, dini dabaralarda we däp-dessurlarda möhüm rol oýnapdyr. Gazetimiziň şu sanynda gurjaklar hakynda käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik:
Dünýäde ortaça her üç sekuntdan bir Barbie gurjagy satylýar.
«Barbie»-niň Skipper, Stasi we Çelsi atly üç uýasy bar.
«Barbie»-niň bazara çykanda geýen ilkinji eşikleri gara-ak zolakly köýnekdir.
1959-njy ýylda satylan ilkinji «Barbie» gurjagynyň bahasy 3 dollar.
Ilkinji gurjaklar miladydan öňki 200-nji ýyllarda ýüze çykypdyr.
Teddi Bear atly gurjagyň ady Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Teodor Ruzweltiň hormatyna dakylandyr.
«Barbie»-niň doly ady Barbara Millisent Robertsdir.
Golliwogg gurjagy meşhur iňlis çagalar ýazyjysy, karikaturaçy Florens Keýt Uptonyň «Iki Golliwogg gurjagynyň başdan geçirmeleri» atly çagalar kitabyndan ylham alnyp ýasaldy.
Blaýt gurjaklary ilkinji gezek peýda bolanda bary-ýogy bir ýyl satylyp, 27 ýyldan soň ýene meşhurlyga eýe boldular.
Dünýädäki iň gymmat gurjak L’Oiseleur (guş tälimçisi) gurjagydyr. Bahasy 6,25 million dollar.
Iň gadymy ýapon gurjaklary miladydan öňki 2000-nji ýylda ýüze çykyp başlaýar.
Ilkinji haly gurjaklary miladydan öňki 300-nji ýylda Rimde tapylýar.
Ýewro gurjaklary ilki uly ýaşly çagalara görkezmek üçin ýasalypdy. Körpejeler üçin bolsa 1850-nji ýylda döredilip başlandy.
Gurjaklary bejermek üçin ýöriteleşdirilen «gurjak hassahanalary» diýilýän ussahanalar bar. Ilkinji ussahana Portugaliýanyň Lissabon şäherinde peýda boldy. Ol 1830-njy ýylda esaslandyryldy.
Gurjaklaryň «pediofobiýa» (hyýaly gorky) gorkusy bar.
Ýewro gurjaklarynyň gözleriniň reňki ilki goňur bolup, olaryň häzirki gök reňki Wiktoriýa döwrüniň şa zenany Wiktoriýanyň gözlerinden ylham alnypdyr.