Finala barabar çärýek final duşuşygynda Münhendäki Allianz Arenada Italiýanyň ýygyndysy güýçli garşydaşy Belgiýany 2-1 hasabynda ýeňip, ýoluny dowam etdirdi. Çekeleşikli geçen oýunda italýanlar 31-nji minutdaky Barellanyň hem-de 44-nji minutdaky Insinýneniň gollary bilen 2-0 öňe saýlandylar. Belgiýa 45+2-nji minutda Lukakunyň penalti goly bilen jogap berse-de, bu olara ýeterlik bolmady. Howply pursatlara diýseň baý bolan oýunda italýanlaryň derwezeçisi Janluiji Donarrumma 2-3 pursatda toparyny goldan halas etdi. Oýnuň 80-nji minutynda italýanlaryň çempionatdaky ýyldyz oýunçysy Leonardo Spinazzzola agyr şikes aldy we ol ençeme wagtlap meýdança çykyp bilmez.

Şunlukda, Italiýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň çäginde (saýlama oýunlaryny-da hasaba alanyňda), bassyr 15-nji ýeňşini gazanyp, Belgiýa bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirdi. Umumylykda 32 oýundan bäri ýeňilmän gelýän Italiýanyň ýygyndysy soňky 13 oýunda-da ýeňiş gazandy. Şol 13 oýunda 36 gol geçirden italýanlar diňe iki pökgini derwezelerine goýberdiler.

Italiýanyň ýygyndysyny şu çempionatda geçiren gollarynyň sany 11-e ýetip, italýanlar ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda iki sifrli görkezijä ýetdiler.

Italiýanyň ýygyndysy şu Ýewropa çempionatynda 5-nji ýeňşini gazanyp, bir çempionatda ýeňiş gazanmakda Fransiýanyň (1984, 2000, 2016) hem-de Ispaniýanyň (2008) rekordlaryny gaýtalady.

Italiýanyň ýygyndysy ýarym finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Duşuşyk 6-njy iýulda Wembley-de oýnalar.