Şu gün 7-nji iýul Bütindünýä şokolod güni. Şeýle gün 2009-njy ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Ol hem öz gözbaşyny 1550-nji ýylyň 7-nji iýulynda şokoladyň Ýewropa ilkinji gezek getirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şokoladyň asyl watany Mezoamerika, ýagny, Meksika, Beliz, Gwatemala, Kosta Rika, Salwador, Honduras, Nikaragua döwletleri hasaplanýar. Tropiki kakao agajynyň tohumlaryndan öndürilýän şokolod kaloriýa babatda güýçli iýmit hökmünde görülýär. Şokolodyň gara (dark, bitter), ak, süýtli, ruby, garyşyk hem-de süýjülendirilmedik görnüşleri giňden ýaýrandyr. Şokolody halamaýan adam juda azdyr. Dünýädäki şokolod önümçiliginiň 45 göterimi Ýewropa degişlidir. Şokolod gününiň bellenmeginiň esasy sebäbi saglyk babatda ynsana belli bir derejede peýdasy bolan (belli bir mukdarda iýilen ýagdaýynda) bu önümiň önümçiligine ünsleri çekmekden ybaratdyr.