Kosmos giňişliginde gaýyp ýören ululy-kiçi daşlaryň onlarçasy her günde Ýeriň orbitasyna girip, ýanyp ýok bolýar. Gaty seýrek hem bolsa, käbir meteroitler pytrap, kiçiräk bölekleri ýere gaçyp bilýär. Astronomlar ähtimallylygy örän pes hem bolsa, Ýere gelip biljek uly meteroitleriň öňüni almagyň ýollaryny gözleýärler. Maglumatlara görä, 2175-nji ýyldan 2199-njy ýyllar aralygynda “Bennu” atly asteroid Ýeriň 7,5 million km golaýyndan geçer. Bu asman jisimine häzirki wagtda howply asteroid hökmünde garalýar, emma Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy 2700-den 1-e deňdir. Hytaýlylar kompýuter simulýasiýalaryny geçirdiler we hersi 900 tonna agyrlykdaky “Long March” atly 5 raketanyň bir wagtda uçurylanda, asteroide täsir edip biljekdigini anykladylar. – “Asteroid zarbalary Ýer ýüzündäki ýaşaýyş üçin çynlakaý howp döredýär. Asteroidiň çaknyşyk ýolundan sowulmagy bu howpy azaltmak üçin möhümdir” –diýip, Pekindäki Milli kosmos gözleg merkeziniň inženeri Mingtao Li ýazýar. Hytaý topary tarapyndan teklibine görä bir wagtyň özünde “Bennu”-nyň üstüne birnäçe raketany iberiler.

Ýeri gelende aýtsak, “Bennu” uglerodly asteroidler toparyna degişlidir. Ortaça diametri 510 metre barabar. Alymlar onuň Ýere gaçanynda onuň tizliginiň 12,86 km/s boljakdygyny mälim edýär.