UEFA Italiýanyň çempionlygy bilen tamamlanan 16-njy Ýewropa çempionatynyň simwolik ýygyndysyny habar berdi. UEFA-nyň ýörite tehniki synçylar toparynyň saýlan ýygyndysynda çempion Italiýadan 5, wise-çempion Angliýadan 3, Daniýadyr Ispaniýadan hem-de Belgiýadan 1 futbolçy bar.

 

DERWEZEÇI: Janluiji Donnarumma (Italiýa)

GORAGÇYLAR: Kaýl Wolker (Angliýa), Leonardo Bonuççi (Italiýa), Harri Maguaýr (Angliýa), Leonardo Spinazzola (Italiýa)

ÝARYMGORAGÇYLAR: Pier-Emil Hýoýberg (Daniýa), Žoržinio (Italiýa), Pedri (Ispaniýa)

HÜJÜMÇILER: Federiko Kieza (Italiýa), Romelu Lukaku (Belgiýa), Rahim Sterling (Angliýa)