18-nji iýulda Şanhaýda dünýäniň iň uly planetarisi resmi taýdan açylar. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda düýbi tutulan bu toplum «Pudong» atly täze etrapda ýerleşýär. Bu barada ýerli habar beriş saýty «Pengpai» habar berýär.
Ýanaşyk gurluşlary bilen toplumyň umumy meýdany 58,6 müň inedördül metre, esasy binanyň meýdany bolsa, 38 müň inedördül metre deňdir. Planetalaryň hereketini synlamak üçin niýetlenen bu toplum esasy we goşmaça gurluşlardan, şol sanda, iki sany jemgyýetçilik obserwatoriýasy we ýaşlar üçin gözleg merkezinden ybaratdyr. Bu ýere gelýänler sergi bölüminde dürli meteoritleriň 70-e golaýyny, şol sanda Marsyň, Aýyň we Westa asteroidiniň nusgalaryny synlap bilerler.
Ýygyndyda Isak Nýutonyň, Nikolaý Kopernigiň, Galileo Galileýiň we başga-da birnäçe barlag geçirijileriň özboluşly eserleri ýerleşdirildi. Üsti ýetirilen hakykat, maglumatlary wizuallaşdyrmak, emeli aň we biometrika ýaly tehnologiýalar planetariniň bilim maksatnamalarynda giňden ulanylar. Daşky görnüşi boýunça planetariý fantastik filmlerdäki uly kosmos gämisine meňzeýär. Şeýle-de, baş binanyň töweregindäki ýanýodalar galaktiki spiral şekilinde taslanypdyr. Planetariniň gurluşygynda ýaşyl tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassa materiallaryň iň soňky gazananlary ulanylypdyr.