Günlerde bir gün bir gyzjagaz gezelenç edip ýörkä böwürslen görüpdir. Gyzjagaz mazaly bişen iýmişleri iýenden soňra:
— Datly iýmişiňi hödür edeniň üçin sag bol! – diýip, böwürslene minnetdarlyk bildiripdir. Şobada onuň gulagyna:
— Sen näme üçin maňa sagbolsun aýtmadyň? – diýen inçe ses eşidilipdir. Tisginip giden gyzjagaz:
— Sen kim? – diýip sorapdyr.
— Men suw. Seniň şol iýen böwürsleniňi ulalmagy üçin gandyrdym – diýipdir. Onýança:
— Sen maňa-da sagbolsun aýtmagy unutdyň – diýen ses eşidilipdir. Gyzjagaz:
— Sen kim bolarsyň? – diýip, haýran galmak bilen sowal beripdir.
— Men toprak. Men seniň iýen böwürsleniň has süýji bolmagy üçin oňa iýmit berdim – diýipdir. Şobada gyzjagazyň gulagyna
— Maňa-da hiç kim sagbol diýmedi – diýen ses eşidilipdir.
— Sen kim? — diýip gyzjagaz oňa-da sowal bilen ýüzlenipdir.
— Men Güneş. Seniň iýen miweleriň çog gyzyl bolmagy üçin nurumy eçildim – diýipdir.
Şonda gyzjagaz:
— Suwjagaz, toprak, Güneş, hemmäňiz sag boluň! Meniň üçin gyzyl, ullakan, owadan we süýji ir-iýmişleri ösdürip ýetişdireniňiz üçin – diýipdir-de, şadyýan halda öýüne gidipdir.
Suwjagaz, toprak we Güneş ýene-de has köp ir-iýmişleri, almany hem-de hozy ösdürip ýetişdirmek üçin işe girişipdirler.
Siziň pikiriňizçe suw, Güneş we toprak ýene-de nämeleri ösdürip ýetişdirýär? Hany biljek boluň!