Is­pa­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti, aw­tou­lag pu­da­gy­na elekt­rou­lag­la­ry iş­läp düz­mek we ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len 2023-nji ýy­la çen­li 4,295 mil­liard ýew­ro ma­ýa goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Hö­kü­me­tiň ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, bu se­riş­de­le­riň kö­pü­si «Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň in­di­ki nes­li» gaz­na­syn­dan ge­lip, aw­tou­lag pu­da­gy­na gö­nük­di­ri­ler we gel­jek üç ýyl­da je­mi 19 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­ma­ga se­bäp bo­lar.

Prem­ýer-mi­nistr Ped­ro San­çe­siň pi­ki­ri­çe, hö­kü­me­tiň mak­sa­dy di­ňe des­lap­ky döw­re gaý­dyp gel­mek däl, eý­sem, 2030-njy ýy­la çen­li je­mi içer­ki önü­miň 15 gö­te­ri­mi­ne ýe­tip bil­jek­di­gi üçin aw­tou­lag se­na­ga­ty­ny öz­gert­me­giň ösü­şi­ni ga­zan­ma­ly.

Hö­kü­me­tiň ýaý­ra­dan ha­sa­ba­tyn­da di­ňe elekt­rou­lag bi­len bag­la­ny­şyk­ly önüm­çi­lik pu­dak­la­ry­nyň je­mi içer­ki önü­mi­ň 10,095 mil­liard­dan 17,835 mil­liard ýew­ro çen­li muk­dar­da tä­sir edip, 141 mü­ňe çen­li iş ýer­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne se­bäp bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

SE­AT we «Volks­wa­gen Group» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar elekt­rou­lag­la­ry ön­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gat­na­şar­lar.