Häzirki wagtda bütin dünýäde “Covid-19” ýokanjyna garşy sanjym etmek işi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Munuň üçin täze sanjymlar hem işlenip taýýarlanýar. Ýaponiýanyň “Shionogi” atly kompaniýasy bolsa, bir hepdeden gysga wagtyň dowamynda bu wirusyň täsirini dolulygyna aradan aýyrýan dermany işläp taýýarlaýar. Kompaniýa bu dermanyň eýýäm adamlaryň üstünde synagdan geçirilip başlanandygyny we günde bir sanysyny almak bilen koronawirusyň täsirini ýok edip boljakdygyny belleýär. Merkezi edarasy Osakada ýerleşýän kompaniýa  mundan ozal kolesterola garşy “Crestor” atly dermany işläp taýýarlapdylar.

“Wall Street Journal” neşiri bolsa, “Pfizer” we “Merck” kompaniýalarynyň işläp taýýarlaýan koronawirus dermanynyň soňky synagdan geçirilýändigini habar berdi. Bu dermanyň şu ýylyň dowamynda taýýar bolmagyna garaşylýar.