Tokio 2020-de atçylyk sportunyň ýekeleýin üç görnüşli bäsleşiginde ilkinji gezek zenan türgen çempionlyk gazandy. Mundan öňki bäsleşiklerde ýeke sapar hem zenan türgene bu ugurda münberiň çür depesine çykmak başartmandy. Germaniýaly Ýuliýa Kraýewski Amande de B’Neville atly aty bilen iň ýokary netijäni görkezdi. Ol bu ugurda Beýik britaniýaly Tom MakEwenden hem-de awstraliýaly Andrýuw Hoýdan öňe saýlandy. Mundan öňki 2 Olimpiadanyň çempiony germaniýaly Maýkl Lung bolsa bu sapar 8-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Atçylyk sportunyň üçli görnüşiniň toparlaýyn ýaryşynda Beýik Britaniýanyň wekilleri altyn, awstraliýalylar kümüş, fransuzlar bürünç medal gazandylar.