Hytaýyň Şanhaý şäherinde robotlar bilen nahar taýýarlanylýan we hyzmat edilýän restoran açyldy. 130 inedördül metr meýdany bolan restoranda birwagtda 20-den gowrak müşderä hyzmat edip bolýar. Bu ýerde tölegi bank karty, QR kody we sanly RMB ýaly dürli görnüşler bilen amala aşyryp bolýar. Restoranda etli naharlar 8 ýuana ($ 1,25), gök önüm tagamlary bolsa bary-ýogy 3,5 ýuana ($ 0,55) satylýar. Emeli aňly restoranyň aşhanasynda ýerleşýän hemme zatlar internet arkaly birikdirilen. Robotlar tarapyndan nahar bişirmek prosesi awtomatlaşdyrylan we sanlaşdyrylan. Günde 800-den 1000 adama iýmit hödürläp biljek “akylly” restoranyň zähmet çykdajylary adaty aşhanalardan 50-80 göterim arzan bolar.