4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy.
Milli Liderimiz Täjigistanyň Prezidentini mähirli garşylaýar. Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary özleri üçin ýörite gurnalan ýere geçýärler.
Hormat garawulynyň toparynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.
Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýärler hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.
Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýeti bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýörişi geçýärler.
Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň awtoulag kerweni atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguzhan» Köşkler toplumynyň merkezi girelgesine gelýär, bu ýerde ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, milli Liderimiz öz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin zala çagyrýar. Bu ýerde ýüzbe-ýüz görnüşinde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony türkmen topragynda mähirli mübärekläp, täjik Liderine döwlet sapary bilen Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberendigi üçin Täjigistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan dostlukly döwletiň Baştutanyna öwezini dolup bolmajak ýitgi – aýal doganynyň aradan çykandygy zerarly gynanç sözlerini beýan etdi.
Bu zatlar adamyň ýüregine we kalbyna öçmejek ýara salýar, emma wagt diýeniň geçip dur. Biz watançylar hökmünde halklarymyzyň bähbidine işlemelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Lideriniň saparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalaryny birleşdirýändigini belledi. Bu duşuşygyň gün tertibine sebiti ösdürmek, hususan-da, häzir hemmeleri biynjalyk edýän Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler girizildi.
Prezident Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi, şeýle hem duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabat şäherine nobatdaky gezek gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny belledi.
Täjik Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolandygyny belläp, şu saparynyň çäklerinde geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman döwrebap, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa sebitiniň merjeni diýlip ykrar edilen, tanalmaz derejede özgeren türkmen paýtagtynyň hem-de iri şäherleriniň, hususan-da, Mary şäheriniň ösüşine haýran galandygyny aýdyp, täjik halkynyň türkmen doganlarynyň gazanýan üstünliklerine, Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, ençeme durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine buýsanýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmezden öňürti, ýokary derejeli myhmany 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Emomali Rahmonyň şu saparynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlananyndan soň, biziň ýurdumyza ilkinji döwlet sapary bolmagynyň özboluşly manysynyň bardygyny belledi.
Biziň ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak hem-de goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy hereket etmek, Owganystandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmek, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler boýunça umumy ýörelgeler bilen çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmen-täjik syýasy gepleşiklerinde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýygjam hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin sebit görnüşindäki gurama hökmünde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny (YHG) belläp geçip, Täjigistanyň ýylyň dowamynda meýilleşdirilen çärelere, şol sanda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan YHG-niň 15-nji nobatdaky sammitine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Owganystandaky ýagdaýlaryň häzirki gepleşikleriň aýratyn meselesidigine ünsi çekdi. Häzir daşary ýurtlaryň harby bölümleriniň Owganystandan çykarylmagy bilen baglylykda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik gurallary döretmek baradaky mesele aýratyn möhümdir.
Şu işlerde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň eýeleýän orny örän ähmiýetlidir we gymmatlydyr. Biziň ýurtlarymyzyň owgan meselesi ugrundaky özara hereketleri Owganystandaky syýasy ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça halkara tagallalary, onuň ykdysady we durmuş ulgamyny täzeden dikeltmek, Owganystany sebit we dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna giňden goşmak babatda uly peýda getirip biler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de owgan meselesi boýunça ulgamlaýyn syýasy gepleşikleri alyp barmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny belledi. Munuň özi häzirki wagtda, Owganystanda harby-syýasy ýagdaýlar ýitileşen döwründe aýratyn möhümdir.
Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň ekologiýa we tebigaty goramak meselesi boýunça gatnaşyklary ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara derejede hem hyzmatdaşlyk etmek babatda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselelerini çözmek boýunça bilelikdäki işleri has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy.
Şu babatda iki ýurduň degişli düzümlerine 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awazada geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny işläp düzmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrmak teklip edildi.
Şeýle hem işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmagyň, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramagyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz birnäçe anyk başlangyçlary beýan edip, türkmen we täjik kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, iki ýurduň hojalyk edaralaryny özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işine has giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşini döretmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk, dokma, derman senagaty hem-de oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Oba hojalyk pudagynda gatnaşyklar üçin uly mümkinçiligi göz öňünde tutup hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginlerini artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk önümleriniň geljekde özara iberilmeginiň gurallaryny, şol sanda bu ugurda türkmen we täjik hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagyň usullaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Ulag we energetika ulgamlary hem, gürrüňsiz, häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu babatda bilelikdäki taslama – Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan halkara demir ýol ulag geçelgesi nusga alarlykdyr. Bu ýoluň ugry boýunça hem ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy gurulýar.
Bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek we Gündogar – Günbatar hem-de Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça ýerleşen iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişini amatly peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň iki ýurdy birleşdirip biljek Hazar deňzine çykalgasy boljak ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe taýýardygy bellenildi.
Türkmenistan amatly şertlerde Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny Täjigistanyň bähbitlerine peýdalanmagy ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýollary has doly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäklerini ulanmak arkaly Täjigistana hem-de Täjigistandan ýükleri ýerüsti ugratmak boýunça ýeňilleşdirmeleri girizmek baradaky meseläni jogapkär edaralara öwrenmegi tabşyrmagyň maksada laýykdygy barada hem aýtdy. Mundan başga-da, täjirçilik bähbitlerini nazarda tutup, iki döwletiň arasynda göni ýa-da üstaşyr howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri täzeden dikeltmegiň mümkinçiliklerine hem garamak teklip edildi.
Özara festiwallary hem-de Medeniýet günlerini guramak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy we giňeltmegi dowam etmek, iki ýurduň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, amatly şertler bolanda, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiligine garamak teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek derejesine ýetmek bilen, göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmegi, arheologiýa hem-de etnografiýa ulgamynda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkin bolan bilelikdäki maksatnamalary barada oýlanyşmagy teklip etdi.
Soňra Täjigistan Respublikasynyň
Prezidentine söz berilýär.
Täjik Lideri Emomali Rahmon dostlukly Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen mähirli kabul edişlik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu saparyň geçen ýyl Täjigistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soň, ýurdumyza özüniň ilkinji döwlet saparydygyny belledi hem-de gutlaglar we goldaw sözleri üçin sagbolsun aýtdy.
Daşary syýasatyň bu ugry biziň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetlidir diýip, Emomali Rahmon nygtady hem-de häzir ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň yzygiderli öňe ilerleýändigini, daşary syýasat edaralarynyň işjeň gatnaşyk edýändigini, iki ýurduň hökümetleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklary öňe ilerletmegiň üstünde işleýändigini belledi.
2021 – 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hökümetara maksatnamasyny, şeýle hem ýakyn iki ýyl üçin haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek babatda işleri örän çynlakaý guramak gerek, bu bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň hiline ýardam berer.
Prezident Emomali Rahmonyň pikirine görä, ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
Biz dostlukly Türkmenistanyň çäklerinden awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşalyşyny täzeden dikeltmäge hem-de onuň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirýäris.
Biz iki döwletiň howa giňişligini we çäklerini peýdalanmak bilen, göni hem-de üstaşyr howa uçuşlaryny täzeden dikeltmek barada ylalaşyga gelendigimize şatdyrys.
Täjigistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, oba hojalyk kärhanalarynyň, şol sanda ekerançylyk we maldarçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldap çykyş etdi.
Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk edilmegi ykrar edildi. Munuň şeýledigine medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň şu günki gol çekilýän hökümetara maksatnamasy şaýatlyk edýär. Nobat boýunça tertipde geljek ýyl Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek teklip edildi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jogap sapary meýilleşdirilýär.
Täjik tarapy iki ýurduň bilim ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini nazarda tutup, geljek ýyldan başlap, talyplary okatmak üçin Prezident derejesinde ýerleri özara bölüp bermek işini dikeltmäge taýýardygyny beýan etdi.
Saglygy goraýyş ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ykrar edildi, şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk bilim edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.
Täjigistanyň Prezidenti şeýle hem bilelikdäki taslamalary, senagat we obasenagat toplumyndaky bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan käbir sebitleriň kuwwatyny has işjeň peýdalanmalydygyny belledi. Şol gün gol çekilen Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk munuň subutnamasy bolup biler.
Şeýle hem Emomali Rahmon 2025-nji ýyly Buzluklary goramagyň halkara ýyly diýip yglan etmek hem-de Buzluklary goramak boýunça ýörite Halkara gaznasyny döretmek baradaky Täjigistanyň başlangyjyny goldandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Başlygyň hormatly myhmany hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde bu abraýly guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-17-nji sentýabrda Duşenbede geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy.
Giňeldilen düzümdäki türkmen-täjik gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 – 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanyşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasyna»; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda işewürler geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyga; Önümçilik kooperasiýasy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda 2022 – 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Demir ýol ulagy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýolagçylaryň we ýükleriň üstaşyr daşalmagy hakynda Ylalaşyga; Nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gurluşyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky neşe serişdelerine gözegçilik Agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 1999-njy ýylyň 30-njy dekabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda raýatlaryň birek-birege gitmekleri hakyndaky Ylalaşyga üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 – 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Gypjak obasyna bardy hem-de bu ýerdäki Aramgähe gül goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine bardy.
Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.
Milli gahrymanlarymyzyň – merdana Watan goragçylarynyň ýagty ýadygärligini ebedileşdiren «Baky şöhrat» ýadygärligine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dostlukly ýurduň Baştutany ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Agşam Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.