Häzirki wagtda smartfonlardaky mobil goşundylaryň sany barha artýar. Ulanyjylaryň işini ep-esli derejede ýeňilleşdirýändigi üçin köp hyzmat bu goşundylar arkaly hödürlenýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda telefon ulanyjylary mobil goşundylar üçin 65 milliard dollar sarp edipdirler. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 24 göterim ýokary bolupdyr. «Sensor Tower» atly maslahat beriş kompaniýasynyň taýýarlan maglumatlaryna görä, mobil goşundylaryň 41,5 milliard dollaryny «App Store», 23,4 milliard dollaryny «Google Play Store» ulanyjylary sarp edipdir. Diňe mobil goşundylar üçin bolsa, 44,7 milliard dollar sarp edilipdir. Maglumatda ýylyň alty aýynda dünýäde 72,5 milliard mobil goşundynyň göçürilip alnandygy mälim edildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 71,3 milliard bolan eken.