Ertir, ýagny 11-nji awgustda, çarşenbe güni UEFA Super Kubogy duşuşygy oýnalar. Çempionlar ligasy bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijileriniň arasynda geçirilýän duşuşykda Çelsi bilen Wilýarreal toparlary duşuşarlar. Duşuşyk Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagty Belfastdaky Windsor Park stadionynda oýnalar we duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar. Russiýaly Sergeý Karasewiň eminlik etjek oýnuna 13 müň töweregi janköýer alnar.

46-njy gezek geçirilýän UEFA Super Kubogynda iň köp Milan bilen Barselona toparlary ýeňiji boldy. Iki klub hem 5 gezek UEFA Super Kubogyna asmana göterdiler.

Çelsi kluby mundan ozal 4 gezek bu duşuşykda oýnap, londonlylar şolaryň diňe birinde, has takygy, ilkinjisinde ýeňiş gazandy. Çelsi Kubokçylaryň Kubogynyň ýeňijisi hökmünde 1998-nji ýylda Çempionlar ligasynyň çempiony Real Madridi ýeňipdi (1-0). Ondan soň 2012-nji ýylda Atletikodan (4-1), 2013-nji ýylda Bawariýadan (2-2; 5-4 pen) hem-de 2019-njy ýylda Liwerpuldan (2-2; 5-4 pen) asgyn geldi. Wilýarreal bolsa ilkinji ýola UEFA Super Kubogy duşuşygyny tejribe eder.

Soňky 12 ýylda ispan klublary 9 gezek UEFA Super Kubogyny gazandylar. Umumylykda ispan toparlary 15 gezek bu kubogy eýeläp, birinji orunda barýarlar. Italýanlar 9, iňlisler 8 gezek bu kuboga mynasyp boldular. Şeýle-de Belgiýanyň klublary 3, nemesdir niderland klublary 2, portugal, rus, rumyn, şotland, türk toparlary, şol sanda SSSR-iň 1 kluby bu arzyly kubogy ýokary göteripdi.