Jeff Bezos indi dünýäniň iň baý adamy däl

145

Meşhur “Louis Vuitton” brendiniň eýesi Bernard Arnault bahasy 196 milliard dollar baýlygy bilen Dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ilkinjiligi eýeleýän Jeff Bezosyň ornuna geçmegi başardy.
Pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylda gazanjynyň ep-esli azalmagyny başdan geçiren “Luis Vuitton” 2021-nji ýylyň ilkinji 2 çärýeginde dünýäde sanjym başlamagy bilen satuwlarynyň artyşy ilerläp başlady. Beýleki tarapdan, “Amazon” geçen hepde girdejisiniň 7% azalyp, bu bir günde 14 million dollar ýitgini aňladýar. Söwda kosmos ýaryşlarynda “Virgin” toparynyň eýesi Riçard Bransondan utulan Bezos dürli ugurlarda yzygiderli ýeňlişe sezewar bolýar.
Bezos hakykatdanam 2017-nji ýylda ilkinji gezek “Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsden öňe geçip, dünýäniň iň baý adamy boldy. Şol döwürde onuň baýlygy 90 milliard dollardan gowrakdy. 2017-nji ýyldan bäri Bezosyň baýlygy takmynan 100 milliard dollar artdy. “Bloomberg” -iň häzirki emläkleri 193 milliard dollar bolup, ony “Tesla” we “SpaceX”-iň baş direktory Elon Muskdan soň dünýäde ikinji baý adam etdi. 57 milliard dollar bilen 57 ýaşynda “Amazon”-dan pensiýa çykan Bezos pensiýa çykandan soň 2000-nji ýyldan bäri esaslandyrylýan “Blue Origin” söwda kosmos uçuş kompaniýasynyň işine ünsi jemlemegini dowam etdirýär.