2020-nji ýyl­da ýa­şy 100 we on­dan hem ýo­ka­ry bolan ger­ma­ni­ýa­ly ýa­şaý­jy­la­ry­ň sa­ny soň­ky 10 ýyl­da re­kord de­re­jä ýe­tip, 20 müň 465-e deň bol­dy. Bu ba­ra­da Wi­es­ba­den şä­he­rin­iň Fe­de­ral sta­tis­ti­ka gul­lu­gy ha­bar ber­di.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, häzirki gör­ke­zi­ji 2019-njy ýyl­da ha­sa­ba al­nan­dan 3523 sany köp­dür. «Soň­ky on ýyl­da ýa­şy 100-den ge­çen­le­riň to­pa­ryn­da hiç ha­çan beý­le köp adam gö­ze il­me­ýär­di» diý­lip, hasabatda bellenilýär. Şol bir wag­tyň özün­de, bu ýaş ka­te­go­ri­ýa­syn­da­ky adam­la­ryň umu­my ila­tyň 2011-nji ýyl­da­ky 0,018 göterimi bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 0,025göterime ýo­kar­lanan­dy­gy kes­git­le­nil­di.
Mun­dan baş­ga-da, sta­tis­ti­ka gul­lu­gyn­da 100 ýaş­dan ge­çen ze­nan­la­ryň sa­ny­nyň er­kek ki­şi­ler­den dört es­se köp­dü­gi­ bel­le­nip ge­çil­di. Hu­su­san-da, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň 20 müň 465 gar­ry ýa­şaý­jy­sy­nyň, tak­my­nan, 80 gö­te­ri­mi (16 müň 454 adam) ze­nan­lar­dan yba­rat bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ila­ty, tak­my­nan, 83 mil­li­on ada­ma deň.