OPEK guramasy özüniň awgust hasabatynda 2021-nji ýylda dünýä derejesinde nebite bolan isleg baradaky çaklamasyny dowam etdirip, günde 6 million barrele çenli artjakdygyny we 2022-nji ýylda bu islegiň 3,3 million barrele çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar.

“2021-nji ýylda dünýä derejesinde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklama, geçen aýyň hasabatyndan üýtgemedi. Bu, jemi içerki önümiň ösüş depginine täzeden seredilendigine garamazdan, çalt depginde ykdysady dikelişiň esasan hem, nebit bilen baglanyşygy bolmadyk pudaklarda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Dünýädäki nebitiň umumy islegi günde, takmynan, 6 million barrele çenli artyp, 96,6 million barrele ýeter” diýlip hasabatda bellenilýär.

“2022-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň günde 3,3 million barrele çenli ýokarlanmagyna garaşylýar, bu hem geçen aýda garaşylanyndan üýtgemez, sebäbi jemi içerki önümiň 2022-nji ýyla çenli ösüşiniň, esasan, nebit däl pudaklarda bolmagyna garaşylýar. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýädäde nebite bolan umumy isleg günde 100 million barrelden geçer we 2022-nji ýylda ortaça 99,9 million barrele barabar bolar diýlip çaklanylýar” diýlip hasabatda bellenilýär.

OPEK, hökümetiň uly höweslendiriji paketleriniň saýasynda ykdysady ösüşiň çaltlaşjakdygyny belleýär. Mundan başga-da, gurama sanjym maksatnamalarynyň we gowulaşan bejergi arkaly COVID-19 pandemiýasynyň gözegçilik astynda saklanjakdygyny çaklaýar. Bu bolsa Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza we agza däl ýurtlarda nebite bolan islegiň durnukly ösmegini üpjün eder.

OPEK guramanyň daşyndaky nebit öndürmek baradaky çaklamasyny ýokarlandyrdy

OPEK, 2021 we 2022-nji ýyllarda guramanyň daşyndaky nebit we kondensat önümçiligi baradaky çaklamalaryny ýokarlandyrdy. Guramanyň aýlyk hasabatyna görä, olaryň çykarylyşy her günde degişlilikde, 64 million we 66,94 million barrele çenli boljakdygy çaklanylýar.

Hasabatda “Häzirki wagtda OPEK-e girmeýän ýurtlarda suwuk uglewodorod önümçiliginiň 2021-nji ýylda bir günde 1,1 million barrele, ortaça günde 64 million barrele çenli ýokarlanmagyna garaşylýar” diýilýär.

Şeýle hem, OPEK 2022-nji ýylda guramanyň daşyndaky nebit önümçiligi baradaky çaklamany hem ýokarlandyrdy. Hasabatda bir aý öň çak edilişi ýaly günde 65,85 million barrele çenli däl-de, bir günde 66,94 million barrele çenli ösjekdigi aýdylýar. Guramanyň çaklamalaryna görä, 2020-nji ýylda OPEK-e girmeýän ýurtlarda nebit we kondensat önümçiligi bir günde 62,91 million barrele barabar boldy.