Ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li bol­mak­la­ry hök­man­dyr. Ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, köp ha­lat­lar­da ra­ýat­la­ry­my­zyň öz­le­ri­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Şu gün­ler ho­wa­nyň ys­sy bol­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da äh­li ýer­ler­de otag so­wa­dy­jy en­jam­lar örän köp ula­nyl­ýar. Şo­nuň üçin elekt­rik otag so­wa­dy­jy en­jam­la­ryn­da dür­li nä­saz­lyk­lar se­bäp­li ýan­gyn dö­re­mek how­py ýü­ze çyk­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy mäh­ri­ban il­deş­le­ri­mi­zi gün­de­lik dur­muş­da ge­rek bo­lan elekt­rik en­jam­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk gur­na­ma­ga, ulan­ma­ga ça­gyr­ýar.
Elekt­rik en­jam­la­ryn­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem-de öňü­ni alyş iş­le­ri­ni ge­çir­mek örän mö­hüm­dir. Ýan­gyn ha­dy­sa­la­ry esa­san gys­ga ut­gaş­ma­dan, elekt­rik ab­zal­la­rynyň aşa gyz­ma­gyn­dan, elekt­rik en­jam­la­ryna aşa ag­ram düş­me­gin­den we bi­rik­di­ri­len ýer­le­riň uly ge­çiş gar­şy­ly­gyn­dan ýü­ze çyk­ýar. Şo­nuň üçin, il­kin­ji no­bat­da, öý­le­riň elekt­rik tok ul­ga­my­nyň gur­na­ly­şy­nyň ta­la­ba­la­ýyk bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly.
Elekt­rik tok ge­çi­ri­ji­le­riň daş­ky ör­tük­le­ri­niň to­ga gar­şy du­ruş de­re­je­si­ni bar­lat­ma­ly. Daş­ky ör­tü­gi za­ýa­la­nan, ula­nyş möh­let­le­ri ge­çen, kö­ne elekt­rik tok ge­çi­ri­ji­le­ri­ni ça­lyş­ma­ly. Öýüň elekt­rik to­gun­da aw­to­ma­ti­ki gör­nüş­de tok gel­me­gi­ni kes­ýän go­raý­jy­la­ry ta­la­ba­la­ýyk gur­nap, onuň iş ka­da­sy­na he­mi­şe gö­zeg­çi­lik et­me­li. Elekt­rik ul­ga­my­na bir wag­tyň özün­de çen­da­na­şa köp elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny sarp edi­ji en­jam­la­ryň bi­rik­di­ril­me­gi­ne ýol ber­me­li däl, çün­ki elekt­rik ul­ga­my­na ag­ram düş­me­gi bi­len dür­li nä­saz­lyk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy äh­ti­mal. Elekt­rik tok ge­çi­ri­ji­ler bi­ri-bi­ri bi­len bi­rik­di­ri­len­de ýö­ri­te gy­sy­jy­lar bi­len bi­rik­di­ril­se ta­la­ba­la­ýyk bo­lar. Ýö­ne­keý el bi­len tow­la­ma usu­ly ar­ka­ly bi­rik­di­ril­me­gi gow­şak bo­lup, ol ýer­ler­de to­guň gar­şy­lyk­la­ýyn geç­me­gi eme­le ge­lip, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň sü­tün­le­ri gy­zyp, daş­ky ör­tük­le­ri­niň gu­ra­ma­gy bi­len elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler za­ýa­la­nyp, dür­li nog­san­lyk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­ti­rer.
Hor­mat­ly il­deş­ler! Öý­den, iş ýer­le­rin­den çy­kyp git­mez­den öň, gaz-elekt­rik aky­my bi­len iş­le­ýän en­jam­la­ryň öçü­ri­len­di­gi­ni bar­la­ma­gy unut­ma­ly däl. Gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan gaz-elekt­rik aky­my bi­len iş­le­ýän en­jam­la­ra üns­li hem aýaw­ly çe­me­leş­me­giň si­ziň sag­ly­gy­ňy­zyň, oý-ojak­la­ry­ňy­zyň aba­dan­ly­gy­nyň ke­pi­li­di­gi­ni ýat­da sak­laň!

Ýaz­mu­ham­met Ak­me­dow,
Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Ýan­gyn howp­suz­ly­gy mü­dir­li­gi­niň 6-njy bö­lü­mi­niň mü­di­ri.