Habar / Seljerme

Fut­bol­da oýun­çy­la­ryň bel­gi­le­ri kä­bir­le­ri üçin o di­ýen äh­mi­ýet­li däl hem bol­sa, ju­da köp­ler üçin örän mö­hüm zat­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Her fut­bol­çy­nyň meý­dan­ça­da­ky oý­na­ýan ýer­le­ri­ne gö­rä, bel­gi­le­ri bo­lup, der­we­ze­çi­ler ag­la­ba 1-nji, 12-nji, 13-nji bel­gi­le­ri saý­la­ýar­lar. 2–3–4–5–6-njy bel­gi­ler go­rag­çy­lar hem-de ýa­rym­go­rag­çy­lar üçin bol­sa, 7–8–9–10–11-nji bel­gi­ler esa­san öň­de oý­na­ýan ýa-da to­pa­ryň hü­jüm ta­ra­pyn­da­ky fut­bol­çy­la­ryň is­leg bil­dir­ýän bel­gi­le­ri­dir. El­bet­de, fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da 10-njy bel­gi­li der­we­ze­çä-de, 1-nji bel­gi­li ýa­rym­go­rag­ça-da, 2-3-nji bel­gi­li hü­jüm­çi­le­re-de ga­bat ge­lin­di, wag­tal-wag­tal ýe­ne-de duş ge­lin­ýär. Bi­ziň bu ge­zek­ki gür­rü­ňi­miz şol bel­gi­le­riň bi­ri ba­ra­da bo­lar. Bel­gi­niň nä de­re­je­de fut­bol­çy­nyň oý­nu­na oňaý­ly-oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip-ýe­tir­me­ýän­di­gi ba­ra­da yl­my taý­dan mag­lu­mat ýok. My­sal üçin Mes­si­niň 10-njy bel­gi­den baş­ga bel­gi­de ýa-da Ro­nal­do­nyň 7-nji däl-de, aý­da­ly 8-nji bel­gi­de nä­hi­li oýun gör­kez­jek­di­gi­ni hä­zir­lik­çe anyk bi­lem­zok. Me­niň pi­ki­rim­çe, ola­ryň oý­ny köý­nek­çä­niň bel­gi­si bi­len bag­ly däl­mi­kä diý­ýä­rin. Ýö­ne bi­ziň et­jek bol­ýan gür­rü­ňi­miz­de we­lin, nä­me se­bäp­den­dir, bel­gi­niň tä­si­ri az­da-kän­de du­ýul­ýar.
Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy fut­bol klub­la­ryn­dan Ita­li­ýa­nyň «Mi­lan» to­pa­ry soň­ky iki möw­süm­de şow­ly ne­ti­je­ler ga­zan­ýar. Pan­de­mi­ýa­nyň ýü­ze çyk­ma­gyn­dan bä­ri çem­pio­na­ty öň­dä­ki orun­lar­da ta­mam­lap gel­ýän «Mi­lan» ge­çen möw­süm­de kü­müş me­da­ly eýe­le­di we en­çe­me ýyl­dan soň Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. To­par trans­fer möw­sü­min­de iki ýyl­dyz oýun­çy­sy­ny tö­leg­siz el­den gi­der­di. Der­we­ze­çi Don­na­rum­ma­ny PSŽ-e, ýa­rym­go­rag­çy Çal­ha­nog­lu­ny-da «In­te­re» al­dyr­dy. Dü­zü­mi­ne Oli­wie Ži­ru, Maýk Meý­dan, Fo­de Bal­lo-Tu­re ýa­ly oýun­çy­la­ry trans­fer et­di, Flo­ren­zi, Pel­leg­ri ýa­ly fut­bol­çy­la­ry-da kä­ren­de­si­ne al­dy.
«Mi­la­nyň» tä­ze trans­fer­le­ri­niň ara­syn­da iň meş­hu­ry Oli­wie Ži­ru bo­lup, ol 2 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 34 ýa­şyn­da­ky hü­jüm­çi «Mi­la­nyň» dü­zü­min­de 9-njy bel­gi­li köý­nek­çä­ni ge­ýer. Ine, şu ma­ka­la hem şol 9-njy bel­gi ba­ra­da bo­lar. Soň­ky ge­zek «Mi­la­nyň» 9-njy bel­gi­si bi­len iň ne­ti­je­li çy­kyş eden fut­bol­çy­sy Fi­lip­po In­za­gi­dir. Şon­dan soň bu bel­gä edil «lag­nat si­ňen» ýa­ly bol­dy. In­za­gi­den soň, bu bel­gi­li köý­nek­çä­ni eg­ni­ne ge­ýen hiç bir fut­bol­ça-da gol ge­çir­mek­de iki si­fr­li gör­ke­zi­jä ýet­mek ba­şart­ma­dy, hat­da kä­bir­le­ri bir sifr­li san­la­ryň hem iň pe­si­ni gör­kez­di. In­za­gi hem soň­ky ge­zek 2008/09 möw­sü­min­de 13 gol ge­çi­rip­di. Soň­ky 3 möw­süm­de bolsa ol pes ne­ti­jeler gör­ke­zip­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, In­za­gi 11 ýyl­lap gö­te­ren bu bel­gisi­niň as­tyn­da «Mi­la­nyň» dü­zü­min­de «Se­rie A»-da 202 oýun­da 73 gol ge­çir­di (umu­my­lyk­da 300 oýun­da 126 gol). On­su­zam dür­li se­bäp­le­re gö­rä, ozal­ky güý­jü­ni ýi­ti­ren we hä­zir­ki wagt­da kem-kem­den özü­ni dür­säp baş­lan «Mi­lan­da» In­za­gi­den soň gol ge­çir­mek­de iki si­fr­li gör­ke­zi­jä ýe­ten fut­bol­çy­la­ryň sa­ny o di­ýen köp däl: El-Şaa­ra­wi, Paz­zi­ni, Ba­lo­tel­li, Me­nez, Bak­ka, Kut­ro­ne, Ib­ra­hi­mo­wiç hem-de Kes­sie da­gy Inzagiden soň, bir möw­süm­de 10 we 10-dan köp gol ge­çir­en futbolçylardyr.
In­za­gi­den soň 9-njy bel­gi­li köý­nek­çä­ni Ale­şand­ro Pa­to ge­ýip (2012/13), ol bu bel­gi­de oý­nan 4 du­şu­şy­gyn­da ýe­ke ge­zek hem ta­pa­wut­la­nyp bil­me­di. Ýog­sam bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy 7-nji bel­gi­de oý­nan döw­rün­de «Se­rie A»-da 113 du­şu­şyk­da 51 gol ge­çi­rip­di. El­bet­de, Pa­to­nyň pes ne­ti­je gör­kez­me­gin­de onuň şah­sy dur­mu­şyn­da­ky wa­ka­lar bi­len bir ha­tar­da, alan şi­kes­le­ri­niň hem tä­si­ri uly bol­ýar. Pa­to­dan soň «Mi­la­nyň» 9-njy bel­gi­si­ni Ales­sand­ro Mat­ri geý­ýär. «Mi­la­nyň» ýaş­lar dü­zü­mi­nde ke­ma­la ge­len hü­jüm­çä 2013/14 möw­sü­min­de 15 oýun­da 1 ge­zek ta­pa­wut­lan­mak ba­şard­ýar. Mat­ri­den soň, bu belgini is­pa­ni­ýa­ly ýyl­dyz fut­bol­çy Fer­nan­do Tor­rese geý­mek mi­ýes­ser ed­ýär (kä­ren­de­si­ne). «At­le­ti­ko­da», «Li­wer­pul­da», hat­da «Çel­si­de» mil­li çem­pio­nat­la­ryň çä­gin­de 426 du­şu­şyk­da 167 gol ge­çir­en oýunçy «Mi­lan­da» we­lin, 10 oýun­da 1 go­ly ady­na ýaz­dyr­ýar.
«Mi­lan» 2014/15 möw­sü­min­de Mat­tia Dest­ro­ny «Ro­ma­dan» kä­ren­de­si­ne al­ýar. Ada­ty hü­jüm­çi­ler ýa­ly 9-njy bel­gi­de oý­nan Dest­ro 15 du­şu­şyk­da di­ňe 3 gol ge­çir­ýär. «Mi­la­na» gel­mez­den öň «Şaht­ýor­da» 2 oýun­da 1 gol ge­çi­ren bra­zi­li­ýa­ly Lu­iz Ad­ria­no ital­ýan klu­bun­da 26 du­şu­şyk­da 4 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. 2016/17 möw­sü­min­de as­ly ita­l­ýan pe­ru­ly hü­jüm­çi Jan­lu­ka La­pa­du­la 27 du­şu­şyk­da 8 gol ge­çir­ýär. Ol In­za­gi­den soň «Mi­la­nyň» iň köp gol ge­çi­ren 9-njy bel­gi­li fut­bol­çy­sy bol­ýar. «Mi­la­nyň» «Por­to­dan» uly umyt bil­di­ri­lip trans­fer eden ýaş hü­jüm­çi­si And­re Sil­wa­nyň hem bu bel­gi­dä­ki yk­ba­ly beý­le­ki­le­riň­ki­den üýt­ge­şik bol­ma­ýar. «Por­to­da» hem-de «Mi­lan­dan» soň gi­den klub­la­ryn­da gol ba­ry­ny ge­çi­ren And­re Sil­wa ital­ýan to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de 24 du­şu­şyk­da ba­ry-ýo­gy 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. And­re Sil­wa «Aýnt­raht­da» 2 möw­süm­de 40 gol ge­çi­rip, şu to­mus­da-da «Le­ip­si­giň» oýun­çy­sy bol­dy.
Tor­res­den soň tej­ri­be­li hü­jüm­çi­le­riň bi­ri, oý­nan klub­la­ryn­da de­pe­ni gol bo­lan ar­gen­ti­na­ly Gon­za­lo Hi­guain hem bu şow­suz­lyk­dan öz pa­ýy­na dü­şe­nini al­ýar. 2018/19 möw­sü­min­de «Mi­lan­da» ýa­rym möw­süm kä­ren­de­si­ne oý­nan Hi­guain 15 oýun­da 6 gol ge­çir­ýär. 2019/20 möw­sü­min­de 9-njy bel­gi­li köý­nek­çe pol­şa­ly ýaş hü­jüm­çi Kşyş­tof Pýon­te­ge be­ril­ýär. Pýon­te­giň hem 9-njy bel­gi­dä­ki baş­dan ge­çir­me­si şow­suz we gys­ga dö­wür­lik bol­ýar. 2018/19 möw­sü­mi­niň ikin­ji ýa­ry­my­nda «Mi­la­na» go­şu­lan Pýon­tek 19-njy bel­gi­li köý­nek­çe­de 18 du­şu­şyk­da 9 gol ge­çir­ýär. Ýö­ne 9-njy bel­gi­de çy­kyş edip baş­la­nyn­dan soň 18 oýun­da 4 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. Ahy­ryn­da-da «Her­ta» to­pa­ry­na trans­fer bol­ýar.
«Mi­lan­da­ky» 9-njy bel­gi­li köý­nek­çä­niň soň­ky şow­su­z futbolçysy-da Ma­rio Man­žu­kiç bo­lup, ol 10 du­şu­şyk­da ýe­ke gol hem ge­çi­rip bil­me­ýär. Ha­wa, hä­zir­ki wagt­da bu tä­sin ha­sa­ba­ty ýö­ret­mek ge­ze­gi fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi Oli­wie Ži­ru­nyň pa­ýy­na düş­di. Ol özü­niň 9-njy bel­gi­ni ýö­ri­te saý­lan­dy­gy­ny bel­läp geç­di. On­su­zam o di­ýen köp gol ge­çir­me­ýän fran­si­ýa­ly hü­jüm­çä In­za­gi­den soň 9-njy bel­gi­niň «lag­na­ty­ny» aýyr­mak ba­şar­dar­my­ka? Ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ryn­da ne­ti­je­li oýun gör­ke­zen Ži­ru­nyň «Mi­lan­da­ky» baş­dan ge­çir­me­si­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy­ny diňe wagt gör­ke­zer.

Gazetiň sport synçysy.