Eýran Yslam Respublikasyndaky Çabahar erkin ykdysady zolagy ses bermäge hukugy bolan Bütindünýä erkin ykdysady zolaklar guramasynyň (World Free Zones Organization (“World FZO”) hemişelik agzasy boldy. Bu barada IRNA habarlar gullugy mälim etdi. Şeýlelikde, indi Çabahar erkin ykdysady zolagy ýurduň ýeke-täk umman porty hökmünde, Bütindünýä erkin zolaklar guramasynyň kararlaryna işjeň gatnaşyp biler.

Bütindünýä erkin ykdysady zolaklar guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Samir Amruni, Çabahar erkin ykdysady zolagyň baş müdiri Abdolrahim Kordä ýollan hatynda Çabahar erkin ykdysady zolagy bilen mundan beýläk işjeň hyzmatdaşlyga umyt bildirdi.

BAE-de ýerleşýän Bütindünýä erkin ykdysady zolaklar guramasyna, Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we Aziýa ýaly dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça erkin ykdysady zolaklary girýär. Takmynan, 300 kilometre deň bolan Çabahar erkin ykdysady zolagynyň Oman deňzi bilen suw araçägi, diňe bir Eýranda däl, eýsem, sebitde-de möhüm orny eýeleýär. Çabahar porty mega-port bolmak mümkinçiligi bolan dünýäniň iň möhüm 10 portundan biridir.