Şu günlerde ähli yklymlarda Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň oýunlary ýokary depginde dowam edýär. UEFA zolagynyň C” toparçada çykyş edýän Ýewropa çempionatynyň soňky ýeňijisi Italiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Şweýsariýa bilen golsuz deňme-deň oýnady. Oýnuň 53-nji minutynda italiýaly Žoržinio penalti urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi. Netijede, italýanlar näçe jan etselerem hasaby açmak olara, şol sanda, ýer eýelerine-de başartmady. Şeýlelikde, soňky 4 duşuşygyny (esasy wagty) deňme-deň oýnan Italiýanyň ýygyndysy ýeňilmezeklik seriýasyny 36 oýna çykaryp, Braziliýadyr Ispaniýanyň rekordlaryny täzeledi. Braziliýanyň ýygyndysy 1993-nji ýylyň 13-nji fewralyndan 1996-njy ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli aralykda 35 oýunda ýeňilmändi. Ispaniýa hem 2007-nji ýylyň 7-nji fewralyndan 2009-njy ýylyň 20-nji iýunyna çenli 35 duşuşykda ýeňilmän Braziliýanyň rekordyna şärik bolupdy. Soňky gezek 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda, ýagny 3 ýyl ozal Portugaliýadan 1-0 utulan Italiýa ýeňilmezeklik rekordyny 36-a çykaryp, rekordyň ýeke-täk eýesi boldy. Italiýanyň ýygyndysy şol 36 oýnuň 29-synda ýeňiş gazanyp, 7-sinde deňme-deň oýnady. Italiýanyň ýygyndysy 8-nji sentýabrda öz meýdançasynda Litwa bilen duşuşyp, ýeňilmedik ýagdaýynda rekordy has hem ösdürer.