Yragyň nebit ministri Ihsan Abdul Jabbar Fransiýanyň “Total” kompaniýasy bilen 27 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekendiklerini mälim etdi. Ylalaşygyň çäklerinde ýurduň günortasynda dört sany iri energiýa taslamasy durmuşa geçiriler. Fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Puýan gol çekişlik dabarasynda eden çykyşynda taslama üçin, ilkinji nobatda, 10 milliard dollar özleşdiriljekdigini we inženerçilik taslamalaryna bada-bat başlajakdyklaryny mälim etdi. Ýurduň nebit ministri bolsa, “Günbatar Kurna 2”, “Majnoon”, “Artawi”, “Tuba” we “Luhais” ýataklarynyň günortasynda gazy gaýtadan işleýän desga üçin 2 milliard dollar bölünip beriljekdigini mälim etdi. Jabbar taslamanyň çäklerinde her günde 8 million kubmetr gaz öndürilmeginiň maksat edinilýändigini we ikinji tapgyrdan soňra bu görkezijiniň iki esse artdyryljakdygyny aýtdy.