Häzirki wagtda “COVID-19” ýokanjynyň öňüni almagy iň täsirli ýoly sanjym hasaplanýar. Şeýle bolansoň, bu ýokanja garşy sanjym etmek üçin uly tagalla edilýär. Germaniýanyň hökümeti sanjymy artdyrmak maksady bilen sanjym hepdeligini yglan etdi. Häzire çenli ýurduň ilatynyň 65,9 göterimi birinji doza, 61,7 göterimi ikinji dozany sanjymy alypdyr. Sentýabr aýynyň ahyryna çenli ilatyň 70 göterimine sanjym edilmegi maksat edinilýär. Bu maksada ýetmek üçin bolsa, geljek hepde tutuş ýurduň çäginde sanjym hepdeligi geçiriler. Hepdäniň dowamynda söwda merkezlerinde, uly iş ýerlerinde, wokallarda isleg bildirýänlere sanjym ediler.