Katar 2022 Dünýä Kubogyny çäklerinde Günorta Amerika zolagynda duşuşyklar geçirildi. Sanawyň lideri Braziliýa öz meýdançasynda Perunyň ýygyndysyny Ribeiro (15) we Neýmaryň (40) gollary bilen 2-0 ýeňip, ýeňlişsiz liderligini dowam etdirdi. Braziliýa saýlama tapgyrynda yzly-yzyna 9-njy duşuşygynda ýeňiş gazanyp, öz rekordyny täzeledi.
Ikinji basgançakdaky Argentinanyň ýygyndysy-da öz meýdançasynda Boliwiýany kabul edip, 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Tangoçylara ýeňiş getiren gollaryň üçüisini hem Lionel Messi öz adyna ýazdyrdy. Ol 14-nji, 64-nji hem-de 88-nji minutlarda tapawutlanyp, milli ýygyndydaky 7-nji het-trigi boldy. Şeýlelikde, super ýyldyz milli topardaky 79-njy goluny geçirip, bu ugurda braziliýaly rowaýaty futbolçy, futbolyň şasy Peleden (77 gol, 92 oýun) öňe saýlandy we Günorta Amerikanyň iň netijeli futbolçysy boldy. Messi 79 gola 153 oýunda ýetmegi başardy.
Günorta Amerika zolagynda 9-njy duşuşyklaryň netijeleri:
Braziliýa-Peru: 2-0, Argentina-Boliwiýa: 3-0, Kolumbiýa-Çili: 3-1, Paragwaý-Wenesuela: 2-1, Urugwaý-Ekwador: 1-0