16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak giň möçberli serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Maksatnama laýyklykda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçiriljek sergide milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümler görkeziler.
Forumyň çäklerinde täze önümleri, maýa goýum taslamalaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň iri kärhanalarynyň ösüş maksatnamalarynyň geljekki ugurlaryny hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümlerini tanyşdyrmak boýunça mahabat çäreleri meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigini, ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.