Dünýä ykdysadyýeti 2021-nji ýylda koronowirus pandemiýasyndan soň, 5,3% öser, bu bolsa soňky 50 ýylda iň ýokary ösüş bolar. Bu barada BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasy (UNCTAD) mälim edýär. Guramanyň habaryna görä, şu ýyl syýasy çäreleriň oňyn täsiri we ösen ýurtlarda ilatyň COVID-19-a garşy sanjymyň üstünlikli geçirilmegi netijesinde, dünýä ykdysadyýeti kadalaşýar. Hasabatda bellenip geçilişi ýaly, koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan çökgünligiň zyýany 2008-2009-njy ýyllardaky global maliýe çökgünliginden has köp boldy. Afrika we Günorta Aziýa ýurtlaryna iň agyr zarba uruldy. Hünärmenleriň pikiriçe, amatly daşarky ýagdaýlar bilen dünýä önümçiligi diňe 2030-njy ýyla çenli 2016-2019-njy ýyllardaky derejesine ýeter.