Ronaldo rekord goýan duşuşygynda toparyna ýeňiş getirdi

116

UEFA Çempionlar ligasynda “F” toparçada Mançester Ýunaýted öz meýdançasynda Wilýarreal bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri soňky minutlarda ýeňşini baýram etdi. Oýnuň 53-nji minutynda myhmanlar Pako Alkaseriň goly bilen öňe saýlandy. Ýer eýeleri 7 minutdan soň Aleks Tellesiň owadan goly bilen jogap berdiler. Oýnuň 90+5-nji minutynda-da super ýyldyz Kristiano Ronaldo sahna çykyp, toparyna ýeňiş getiren goly öz adyna ýazdyrdy. Çempionlar ligasyndaky 178-nji duşuşygyna çykyp, bu ugurda Iker Kasilýasyň rekordyny öz adyna geçiren Ronaldo UÇL-däki 136-njy goluny derwezä girizdi. Ronaldo UÇL-de 90-njy minutdan soň 12-nji, şeýle-de 41-nji ýeňiş goluny geçirdi. Iki görkeziji-de rekorda deňdir.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Atalanta öz meýdançasynda Ýang Boýzy Matteo Pessinanyň ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.