Ikin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­den soň Ýa­po­ni­ýa­nyň do­lan­dy­ry­jy Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň (LDP) tä­ze baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­nan Ýa­po­ni­ýa­nyň ozal­ky da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da ýur­duň in­di­ki Prem­ýer-mi­nist­ri bo­lar.
Ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­re­den ikin­ji tap­gyr­da Fu­mio Ki­si­da­ 427 ses­den 257-si­ne eýe bol­dy. Onuň bäs­de­şi, Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­ki da­şa­ry iş­ler we go­ran­mak mi­nistri Ta­ro Ko­no 170 ses al­dy. Ne­ti­je­de, LDP-niň tä­ze baş­ly­gy bo­lan Ki­si­da ýa­kyn wagt­da Ýa­po­ni­ýa­nyň 100-nji Prem­ýer-mi­nist­ri bo­lar. Ko­no se­bit­ler­dä­ki köp san­ly par­ti­ýa ag­za­la­ry­nyň ara­syn­da giň gol­da­wa eýe bol­sa-da, Ki­si­da saý­law­da LDP-niň Par­la­ment­dä­ki we­kil­le­ri­niň köp­lü­gi bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy.
Ko­no we Ki­si­da­dan baş­ga-da ozal bir­nä­çe mi­nistr we­zi­pe­le­ri­ni eýe­län Sa­nae Ta­kai­ti we Seý­ko No­da da­gy hem saý­law­la­ra gat­naş­dy, ýö­ne bi­rin­ji tap­gyr­da ýe­ter­lik ses alyp bil­män­soň, bäs­le­şi­gi do­wam et­di­rip bil­me­di­ler. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, tä­ze hö­kü­met baş­ly­gy­nyň da­laş­gär­li­gi 4-nji okt­ýabr­da Par­la­men­tiň mej­li­sin­de tas­syk­la­nar.
LDP-niň baş­ly­gy­nyň saý­lan­ma­gy Prem­ýer-mi­nistr Ýo­si­hi­de Su­ga­nyň möh­le­ti­niň gu­tar­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýo­si­hi­de Su­ga ge­çen ýyl Sind­zo Abe­niň duý­dan­syz iş­den çe­kil­me­gi se­bäp­li bu we­zi­pä geç­di. Su­ga­nyň özi saý­law­lar­dan öň­ki bäs­le­şi­ge gat­naş­mak­dan ýüz öwür­di.
– Biz par­ti­ýa­nyň gal­kyn­ýan­dy­gy­ny hal­ka gör­kez­me­li we ola­ryň gol­da­wy­na eýe bol­ma­ly – di­ýip, Ki­si­da aýt­dy. Şeý­le hem, şu güýz­de Par­la­ment saý­law­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni, üs­tün­lik ga­zan­mak üçin LDP-niň ag­za­la­ry­nyň hem­me­si­niň bir­leş­me­li­di­gi­ni bel­le­di. We­zi­pe­si­ne gi­riş­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aý­dan LDP-niň tä­ze baş­ly­gy ko­ro­na­wi­ru­syň ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len yk­dy­sa­dy çä­re­le­riň iş­le­nip dü­zül­me­gi­niň özü­niň ile­ri tut­ýan me­se­le­le­riniň bi­ri­di­gi­ni öňe sür­di.

Gel­jek­ki Prem­ýer-mi­nistr

Fu­mio Ki­si­da 1957-nji ýyl­da sy­ýa­sat­çy­la­ryň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­di. Onuň ata­sy we ka­ka­sy Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýa­pon Par­la­men­ti­niň ag­za­la­ry­dy. Ki­si­da ab­raý­ly Wa­se­da uni­wer­si­te­ti­niň hu­kuk fa­kul­te­ti­ni gu­tar­dy. 1993-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek LDP ta­ra­pyn­dan Par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy­na saý­lan­dy.
2012-nji ýy­lyň de­kab­ryn­dan 2017-nji ýy­lyň aw­gus­ty­na çen­li Sind­zo Abe­niň döw­rün­de da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri bo­lup iş­län Ki­si­da soň­ra LDP-niň sy­ýa­sy ge­ňe­şi­ne ýol­baş­çy­lyk et­di. Şon­dan bä­ri Ki­si­da özü­ni par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne da­laş­gär hök­mün­de iş­jeň gör­kez­di.