Eýranyň Alborz welaýatynyň miras, medeniýet, syýahatçylyk we senetçilik boýunça baş müdiri Feridun Mohammadi welaýat merkezinde we Kerej şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (EKO) agza ýurtlaryň el işlerine we ýadygärlik sowgatlaryna niýetlenen bilelikdäki bazaryň döredilýändigi barada IRNA habarlar agentligi bilen söhbetdeşlikde mälim etdi.
-Alborz welaýatynda dürli etnik toparlaryň ýaşamagy bu sebitde senetçilik we däp bolan sungat eserleri babatda ýygyndy döretdi. Bu bolsa, EKO bilen hyzmatdaşlykda dürli ýurtlaryň däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin önümleriň hemişelik sergisi hökmünde umumy bazaryň döredilmegini talap etdi – diýip, ol belledi.
Onuň aýtmagyna görä, bilelikdäki maslahatlarda EKO-nyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary bilen zerur gepleşikler geçirilip, ýakyn wagtda EKO agza ýurtlaryň senetçilik we sungat bazarynyň hemişelik ýerleşýän ýeri belli bolar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (EKO) 1985-nji ýylda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredilen sebit we döwletara ykdysady gurama bolup, Ösüş üçin Sebitleýin Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mirasdüşeridir. Gurama 1977-nji ýylyň 12-nji martynda Eýran, Pakistan we Türkiýe döwletleriniň wekilleri tarapyndan gol çekilen Izmir şertnamasynyň düzgünnamasy esasynda hereket edýär. 1992-nji ýyldan bäri 7 täze döwletiň – Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň meýletin goşulmagy bilen guramanyň işjeňligi ep-esli güýçlendi.