Azi­ýa­da öza­ra hyz­mat­daş­lyk we yna­my ber­kit­mek çä­re­le­ri bo­ýun­ça ge­ňe­şe (CICA) gat­naş­ýan ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň VI mas­la­ha­ty 11-12-nji okt­ýabr­da Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty Nur-Sul­tan­da ge­çi­ril­di.
Mas­la­ha­tyň işi­ne bi­ziň ýur­du­myz­dan da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow gat­naş­dy. Du­şu­şyk­da howp­suz­lyk, se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­daý­lar, şol san­da, ow­gan hal­ky­na kö­mek ber­me­giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
CICA yk­dy­sa­dy, har­by-sy­ýa­sy, yn­san­per­wer we daş­ky gur­şaw, şeý­le hem, tä­ze kyn­çy­lyk­lar we we­him­ler ba­ba­tyn­da ama­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin esa­sy se­bit gep­le­şik­le­ri plat­for­ma­sy­dyr. Fo­rum 1992-nji ýyl­da Ga­za­gys­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­dil­di. CICA-nyň sek­re­ta­ria­ty Nur-Sul­tan­da ýer­leş­ýär.
Onuň dü­zü­mi­ne 27 döw­let gir­ýär (Rus­si­ýa, Azer­baý­jan, Ow­ga­nys­tan, Bang­la­deş, Bah­reýn, Wýet­nam, Mü­sür, Ys­ra­ýyl, Hin­dis­tan, Ior­da­ni­ýa, Yrak, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Kam­bo­ja, Ka­tar, Gyr­gy­zys­tan, Hy­taý, Mon­go­li­ýa, BAE, Pa­les­ti­na, Pa­kis­tan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Tä­ji­gis­tan, Taý­land, Tür­ki­ýe, Öz­be­gis­tan, Şri-Lan­ka). 14 ýur­duň we bi­le­le­şi­giň syn­çy de­re­je­si bar (Türk­me­nis­tan, Be­la­rus, In­do­ne­zi­ýa, La­os, Ma­laý­zi­ýa, ABŞ, Uk­rai­na, Fi­lip­pin­ler, Ýa­po­ni­ýa, BMG, Arap döw­let­le­ri­niň li­ga­sy, Hal­ka­ra Mig­ra­si­ýa Gu­ra­ma­sy, ÝHHG, Türk dil­li ýurt­la­ryň par­la­ment As­samb­le­ýa­sy).
Gat­naş­ýan ýurt­la­ryň döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­nyň mas­la­ha­ty azyn­dan dört ýyl­da bir ge­zek ge­çi­ril­ýär. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da CICA ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ýyg­nak­la­ry gur­al­dy. Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Nur-Sul­tan­da ge­çi­ri­len hä­zir­ki mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­niň esa­sy bö­lüm­le­rin­de yna­my güýç­len­dir­mek çä­re­le­ri­ni art­dyr­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan fo­ru­myň ösü­şi­niň gel­je­gi­ne gö­nük­di­ril­di. Rus­si­ýa­nyň baş­lan­gy­jy bi­len in­di CICA-da tä­ze bir ugur – mag­lu­mat howp­suz­ly­gy pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk ýo­la goý­lar. COVID-19 pan­de­mi­ýa­sy na­za­ra al­nyp, epi­de­mio­lo­gik howp­suz­lyk mow­zu­gy CICA-nyň tä­ze­le­nen ynam çä­re­le­ri ka­ta­lo­gy­na gi­ri­zil­di.
Sy­ýa­hat­çy­lyk, bi­lim, ulag we lo­gis­ti­ka ýa­ly ugur­lar­da bu bir­le­şi­giň plat­for­ma­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän baş­lan­gyç­lar, in­teg­ra­si­ýa gün ter­ti­bin­de üs­tün­lik­li iş­le­ýän ŞHG, ASEAN we ÝYB ýa­ly gu­ra­ma­la­ryň de­giş­li ädim­le­ri­niň üs­tü­ni dol­du­rar. Du­şu­şyk­dan soň sy­ýa­sy jar­na­ma ka­bul edil­di. CICA-nyň paý­has­ly adam­lar ge­ňe­şi yna­my ber­kit­mek çä­re­le­ri­ni güýç­len­dir­mek üçin dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di.