Hä­zir­ki wagt­da, esa­san, aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de ýü­ze çy­kan çip ýet­mez­çi­li­gi­niň «Ip­ho­ne 13» smart­fon­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ne hem tä­sir et­jek­di­gi aý­dyl­ýar. «App­le Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy «iP­ho­ne» önüm­çi­li­gi­ni 2021-nji ýyl­da göz öňün­de tu­tu­lan­dan 10 mil­li­on sa­ny az ön­dü­rer. Kom­pa­ni­ýa ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de 90 mil­li­on «iP­ho­ne 13» ön­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýar­dy. Em­ma mo­bil en­ja­myň ön­dü­ril­me­gi üçin ge­rek bo­lan bö­lek­le­ri «Broadcom Inc.» hem-de «Texas Inst­ru­ments Inc.» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýe­ter­lik de­re­je­de üp­jün edip bil­me­jek­di­gi se­bäp­li az muk­dar­da smart­fon ön­dü­ri­ler.
«iP­ho­ne» en­jam­la­ry­nyň ek­ra­ny­nyň kä­bir bö­le­gi­ni «Texas Inst­ru­ments», ge­çi­ri­ji­siz bö­lek­le­ri­ni «Broadcom» kompaniýasy üp­jün ed­ýär.

Tir­kiş BE­GEN­JOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.