Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki 16-njy ykdysady komissiýasynyň maslahatynyň geçiriljekdigini habar berildi.
IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi A.Gurbanow iki ýurduň ýakyn we dostlukly aragatnaşygy barada durup geçip, bilelikdäki 16-njy ykdysady komissiýasynyň maslahatynyň ýakyn günlerde Tähranda geçiriljekdigini mälim etdi.
Ol iki ýurduň bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň öňki maslahatynyň, takmynan, iki ýyl mundan ozal geçirilendigini belläp, indiki ykdysady komissiýa Eýran tarapyndan Ýol we şäher gurluşyk ministrligi, Türkmenistan tarapyndan bolsa, Daşary işler ministrliginiň başlyklyk etjekdigini aýtdy.
Komissiýanyň bu maslahatynda taraplaryň gaz, elektrik energiýasy, gurluşyk materiallary, demir-polat, demir ýol tranziti we ýük ýollary pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky ylalaşygyna gol çekilmegine garaşylýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (EKO) agza döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine ünsi çekip, şu ýyl EKO başlyklyk etmek döwrüniň Türkmenistana geçendigini belläp, noýabr aýynyň ahyrynda bu gurama agza döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisiniň Aşgabat şäherinde geçiriljekdigini tassyklady.
A.Gurbanowyň aýtmagyna görä, EKO-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň ählisi, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi hem Aşgabatda geçiriljek sammite çagyryldy.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri EKO-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri ugurdaş sebitleýin döwletara bileleşigiň 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredilendigini ýatlatmalydyrys. 1992-nji ýyldan başlap, EKO-nyň işi, oňa 7 ýurduň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň girmegi bilen baglylykda, hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Guramanyň häzirki düzümine çenli onuň giňeldilmeginiň senesi — 28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär.
1995-nji ýylda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, EKO BMG-de synçy derejesi berildi. Bu düzüm şeýle derejä Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda (YHG) hem eýedir.
Ýeri gelende, sammitiň barşynda EKO başlyklyk etmek döwrüniň Türkmenistana geçendigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu Konsepsiýa ýurdumyzyň bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmelerine aýdyň şaýatlyk edýär.