Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de 353 mil­li­on dol­lar­lyk 50 müň şaý-sep­i bir ýer­de ýyg­nap, dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy. Ol dün­ýä­dä­ki iň uly şaý-sep­ler ser­gi­si bol­dy. Şo­nuň üçin gym­mat­ly şaý-sep­le­riň göz­den ge­çi­ri­li­şi Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di.
Abu-Da­bi­niň «Sa­lem Al Shuai­bi Je­wel­le­ry» kom­pa­ni­ýa­sy gym­mat ba­ha­ly be­zeg şaý-sep­le­riň ser­gi­si­ni gu­ra­dy. Ol 48-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň sa­gat hem-de şaý-sep­ler ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de bo­lup geç­di. Şar­ja emir­li­gin­de ge­çi­ri­len ser­gä uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di.
Gym­mat ba­ha­ly şaý-sep­ler ba­bat­da ada­ty bol­ma­dyk re­kord­la­ryň bi­ri Hin­dis­tan­da goý­lup­dy. Hin­di­ler 6690 te­ge­lek göw­her­den yba­rat dün­ýä­niň iň köp göw­her jem­le­nen ýü­zü­gi­ni ýa­sap­dy.

Ka­ka­gel­di ÝAZ­MY­RA­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.