22-nji oktýabrda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu sergi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumesima adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçiriler.
Wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli guramaçylyk komitetini döretmek hem-de “EKSPO — 2025”-iň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde, zerur bolan taýýarlyk işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň jogapkär wekilini bellemek baradaky teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýädäki ýagdaýlara başlangyçlar arkaly gatnaşýan Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitleriň hatyrasyna peýdalanmagy teklip edip, dünýä derejeli maksatlar babatda öz garaýyşlaryny hem-de şolara ýetmekdäki mümkinçiliklerini açyk beýan edýändigini nygtady.
Häzir jemgyýet durmuşymyz üçin geljegi döretmek babatda täze açyşlaryň bosagasynda dur, şoňa görä-de ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä gözden geçirilişine gatnaşmagy bu ählumumy ýagdaýa öz goşandyny goşmak bilen birlikde, eksport mümkinçiliklerini görkezmek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar.
Döwlet Baştutanymyz halkara sergä taýýarlyk görmegiň çäklerinde anyk netijeleriň gazanylmalydygyna ünsi çekip, wise-premýere guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy we bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.