Şu gün – 31-nji oktýabrda Ýaponiýanyň hemme ýerinde 46 müňden gowrak saýlaw uçastogy, hökümet baştutanynyň saýlanmagynda we döwlet býudjetiniň taslamasynyň kabul edilmeginde birinji orny eýeleýän esasy, aşaky palatany saýlamak üçin açyldy.

Dokuz partiýadan 1051 dalaşgär parlamentdäki 465 orun üçin bäsleşdi. Bir mandatly saýlaw okruglarynda ýeňijiler 289 orny eýelär, ýene-de 176-sy proporsional esasda partiýalaryň arasynda paýlanar. Dalaşgärleriň 186-sy, ýagny, 17 göterimi zenanlar. Mejlisde 233 orny eýelän partiýa köplügi gazanar.

Ir bilen 07:00-da başlanan ses berişlik, agşam 20:00-da tamamlandy. Ýurduň 47 welaýatynyň 46 müň uçastogynda berlen sesiň netijeleri ertir – 1-nji noýabrda ir bilen mälim ediler.

Mejlis ýatyrylmazdan ozal, 276 orny ýurduň häzirki Premýer-ministri Fumio Kisidanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy Liberal Demokratik partiýasy (LDP) eýeleýärdi, ýene-de 29-syny Komeito partiýasynyň wekilleri, LDP-niň dolandyryjy koalisiýanyň kiçi hyzmatdaşy eýeleýärdi. Olar bilelikde absalýut (305) derejäni saklasalar-da, konstitusiýa köplük däldi (310). Esasy Konstitusion-demokratik partiýanyň (KDP) 112 mandaty bardy. Kommunistik partiýa on iki orny, Ýaponiýanyň Galkynyş partiýasy – 11, Halk Demokratik partiýasy – 10 orny eýeleýärdi, galan mandatlar beýleki kiçi partiýalaryň arasynda paýlanypdy ýa-da boş orun hasaplanypdy.