ABŞ-da koronawirus bilen göreşmek üçin alnyp barylýan işleriň çäklerinde 12 ýaşdan kiçi çagalara sanjym edilip başlandy. Golaýda ýurduň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş Merkezi 5-11 ýaş aralygyndaky çagalara sanjym edilmegi barada netijä gelipdi. 8-nji noýabrda bolsa, has giňişleýin sanjym çäresi geçiriler. Ýurtda 5-11 ýaşly 28 million töweregi çaga bar. Bu çagalara iki doza sanjym ediler. Ikinji doza birinji dozadan üç hepde soňra ediler. Çagalara urulýan doza ulularyňkynyň üçden biri mukdarynda, ýagny 10 mikrogram.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýurduň 20 müňden gowrak ýerinde çagalara sanjym ediljekdigini aýdyp, maşgalalary çagalaryny sanjym etmäge çagyrdy.
ABŞ-da geçirilen barlaglarda “Pfizer/BioNTech” sanjymynyň 5-11 ýaş aralygyndaky çagalarda 90,7 göterim täsirlidigini ýüze çykarypdy.