Odre Azule 193 agza döwletiň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasynyň (ÝUNESKO) baş direktory wezipesine gaýtadan saýlandy. Ol 169 sesden 155-sini aldy.
– Bu netijäni guramamyzda agzybirligiň dikeldilmeginiň alamaty hökmünde görýärin. Soňky dört ýylda ÝUNESKO bolan ynamy dikeltmegi başardyk we bu köp babatda guramanyň özüne bolan ynamyny hem gaýtarmaga kömek etdi – diýip, baş direktor belledi.
Soňky dört ýylyň dowamynda ÝUNESKO özüniň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen möhüm döwrebaplaşdyryş işlerini amala aşyrdy. Hususan-da, bu gurama 2018-nji ýylda başlanan köne Mosul (Yrak) şäherini täzeden gurmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmady. ÝUNESKO Beýrutda 90-a golaý mekdebi täzeden gurdy, şeýle-de gurama medeni miras babatda hem iş alyp barýar. COVID-19 pandemiýasy wagtynda ÝUNESKO 112 ýurtda okamagy yzygiderli üpjün etmek üçin Global bilim koalisiýasyny döretdi.
Bu ösüş ÝUNESKO-nyň býujetini jemlemekde öz beýanyny tapdy. Iki esasy ugra esaslanyp – 2020-2021-nji ýyllar aralygynda döwletleriň hökmany goşantlary we meýletin goşantlary 1,4 milliard dollara deň boldy. Meýletin goşantlar öňki dört ýyl bilen deňeşdirilende, 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli 50% ýokarlandy.