Raýatlaryna öz ýurdunda işlenip taýýarlanan koronawirus sanjymyny eden Kubada bu ugurda rekord goýuldy. Ýurduň ilatynyň 73 göterimine doly sanjym edildi. Beýlekilerden tapawutlylykda Kubada öndürilen koronawirus sanjymy iki däl-de üç dozadan ybarat. Ýurduň ilatynyň 90 göterimi bolsa azyndan bir sanjym alypdyr. Şeýlelikde, Kuba her 100 adamlyk ilata 236 doza sanjym edip, bu ugurda dünýäde birinji boldy.

Sentýabr aýyndan başlap ýurtda 2 ýaşdan ýokary çagalar hem sanjym edilip başlandy. Çagalaryň uly bölegine sanjym edilendigi mälim edildi. Şeýlelikde, köp wagtdan bäri ýapyk duran mekdepleriň başlangyç synlary we myhmanhanalar şu günden başlap açyldy. Uly synp okuwçylary bir hepde ozal okuwa başlapdy. Ýurduň ykdysadyýetinde syýahatçylyk pudagynyň uly paýy bar. Şeýle hem doly sanjym alan ýa-da “Covid19” testi otrisatel bolan daşary ýurtlular karantin çäklendirmesi bolmazdan Kuba baryp bilerler. Geçen ýyl pandemiýa sebäpli az sanly daşary ýurtly Kuba barypdyr. Ýurt 2019-njy ýylda 4 milliondan gowrak syýahatçy kabul edipdir.