Abu-Dabide Ýakyn Gündogardaky iň uly okeanarium açyldy. Onda balyk, süýrenijiler, pyşbagalar ýaly deňiz jandarlarynyň 46 müňden gowrak görnüşi, şol sanda, 200 akula bar. Suw howdanlarynyň aýna gümmezleriniň aňyrsynda Ýuwaş ummanyň, Amazonyň, Arktikanyň garly gerişleriniň we Ortaýer deňziniň suwasty gowaklarynyň jandarlary bar. Bu ýerde interaktiw diwarlyklaryň kömegi bilen haýwanat dünýäsiniň her bir wekili barada maglumat alyp bolýar.
– Bizde Ýakyn Gündogaryň iň uly suwasty tunneli bar. Bu ýerde 60 ugur işläp, 10 dürli deňiz zolagyny görüp bolýar. Syýahat, takmynan, iki sagat dowam edýär – diýip, Abu-Dabi milli okeanariumynyň baş müdiri Pol Hamilton aýtdy.
Bu desga Daşky gurşawy goramak boýunça agentlik bilen hyzmatdaşlykda guruldy. Taslamanyň awtorlary munuň deňizleri we ummanlary goramakda adamlara ylham berer diýip umyt edýärler.