ÝUNESKO Gruziýanyň Batumi şäherine aýdym-saz şäheri derejesini bermek bilen, döredijilik şäherleriniň ulgamyna goşdy. Şeýlelikde, Batuminiň sungat işgärleri ÝUNESKO-nyň tagallasy bilen geçirilýän dürli medeni çärelere gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Batumi bilen birlikde Glazgo, Kingston, Liwerpul, Oklend ýaly dünýäniň beýleki şäherleriniň hem aýdym-saz şäherleri bolandygy habar berilýär. Guramanyň döredijilik şäherleriniň ulgamy 2004-nji ýylda döredilip, dürli ugurlar boýunça dünýäniň 90 ýurdundan 295 şäheri birleşdirýär.