Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 2021-nji ýyl üçin tamamlandy. Saýlama tapgyrynyň galan oýunlary geljek ýylyň ilkinji aýynyň ahyrlaryndan başlap dowam eder. Şu wagta çenli geçirilen saýlama oýunlarynyň netijesinde Dünýä Kubogynda çykyş etjek 32 ýygyndynyň 12-si, ýer eýeleri Katar bilen bir hatarda, 13-si belli boldy. Entek Aziýadyr Afrika yklymlaryndan ýollanma alan topar häzirlikçe ýok.

Olaryň 10-sy Ýewropadan bolup, galan ikisi-de Günorta Amerikanyň wekilleridir. Ýewropadan gatnaşýan 10 ýygyndy öz toparçalarynda birinji orny eýelänler bolup, olar şulardyr – Serbiýanyň, Ispaniýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň, Daniýanyň, Niderlandlaryň, Horwatiýanyň, Angliýanyň hem-de Germaniýanyň ýygyndylarydyr. Şeýle-de Günorta Amerikadan iki güýçli ýygyndy – Braziliýa bilen Argentina bu gezek hem Katardaky ýerlerini wagtyndan öň bronlatdylar. Mundan öňki ähli Dünýä Kubogyna gatnaşan ýeke-täk topar bolan Braziliýanyň ýygyndysy bu gezek hem şol ýörelgesinden dänmedi. Şol sanda yzly-yzyna 13-nji, umumylykda 18-nji gezek gatnaşýan Argentinanyň ýygyndysy hem Katarda bolar.

 

Katar (ýer eýesi) – ilkinji gezek gatnaşýar

Germaniýa – 20-nji gezek gatnaşýar

Daniýa – 6-njy gezek gatnaşýar

Braziliýa – 22-nji gezek gatnaşýar

Fransiýa – 16-njy gezek gatnaýar

Belgiýa – 14-nji gezek gatnaşýar

Horwatiýa – 6-njy gezek gatnaşýar

Ispaniýa – 16-njy gezek gatnaşýar

Serbiýa – 13-nji gezek gatnaşýar

Angliýa – 16-njy gezek gatnaşýar

Şweýsariýa – 12-nji gezek gatnaşýar

Niderlandlar – 11-nji gezek gatnaşýar

Argentina – 18-nji gezek gatnaşýar